Premýer-ministr Hun Seniň ýolbaşçylygyndaky Kambojanyň dolandyryjy Halk partiýasy 29-njy iýulda geçirilen ählumumy saýlawlarda sesleriň 77 göterimden gowragyna eýe boldy. Bu barada ýurduň Milli saýlaw komissiýasy habar berýär.
Kambojanyň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, saýlawçylaryň partiýa beren sesi 77 göterimden geçip, munuň özi partiýanyň Milli assambleýada azyndan 100 kürsä eýe boljakdygyny görkezýär. Saýlawlar jemi 22967 saýlaw uçastogynda geçirilip, oňa 6,88 million saýlawçy gatnaşdy. Saýlawlarda Milli assambleýanyň (parlamentiň aşaky palatasy) 125 ornuna jemi 20 sany syýasy partiýa gatnaşdy. Ýurduň taryhynda altynjy sapar geçirilen saýlawlara 80 müň ýerli we daşary ýurtly synçylar hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.