Pakistanda 25-nji iýulda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda “Tärik-e-ensaf” partiýasynyň başlygy Imran Han ýeňiş gazandy. Munuň şeýledigine 27-nji iýulda býulletenler sanalandan soň, mälim edilen resmi maglumatlar hem güwä geçýär.
Saýlaw geňeşi Imran Hanyň partiýasynyň parlamentiň 269 kürsüsinden 109-syna eýe bolandygyny, onuň esasy bäsdeşi – Pakistanyň musulman ligasy partiýasyna 63 kürsi ýetendigini mälim etdi. Indi ýeňijiniň hökümeti düzmegi üçin bileleşik boýunça hyzmatdaş gözlemeginiň zerurdygy aýdylýar.
Ozalky kriket oýunçysy Imran Han öz ýurdunyň dünýä we sebit hyzmatdaşlygyny has-da ösdürjekdigine söz berýär. Şeýle hem ol geçirilen saýlawlaryň Pakistanyň taryhynda iň aýdyň saýlaw bolandygyny mälim etdi. Oňa 100 milliondan gowrak adam gatnaşyp, olaryň 9 milliondan gowragy zenanlardyr.