Şu gün paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi öz işine başlady. Serginiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda halkara sergä gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagy okaldy. Gutlag hatynda: “Azyk önümlerini öndürmegiň durnukly ulgamlaryny döretmek we oba hojalygyny alyp barmagyň önümçilik möçberini artdyrmaga, ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam edýän usullary ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda uzak hem-de orta möhletli maksatnamalar kabul edilip, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oba hojalygyny, azyk we gaýtadan işleýän senagatyň pudaklaryny tehniki hem-de tehnologik taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar” diýlip bellenilýär.
Sergide ýerli we daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini, häzirki zaman enjamlaryny we hyzmatlaryny giňden tanyşdyrýarlar. Azyk önümçiligi, gaplama tehnologiýalary, logistika we degişli ugurlarda täze mümkinçilikler görkezilýär. Serginiň çäklerinde geçiriljek işewürlik duşuşyklary özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň ýol açar.
“Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi sebitde oba hojalygy we azyk senagaty pudaklary üçin iň iri meýdançalaryň biri bolup, pudagy ösdürmekde, öndürijiligi ýokarlandyrmakda we eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm orun eýelär.
Sergi 14-nji maýda öz işini tamamlaýar.
PDF









