Şu ýyl Çernogoriýanyň syýahatçylyk pudagyndan gelýän girdejisiniň 1 milliard ýewrodan geçmegine garaşylýar. Ýurduň durnukly ösüş we syýahatçylyk ministri Pawle Radulowiçiň aýtmagyna görä, şu ýylyň iýul aýynda 620 müň ilatly respublika gelen jahankeşdeleriň sany 170 müňe ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 8 % köpdür. Şeýle hem şu ýylyň ilkinji bäş aýynda Çernogoriýa gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdireniňde, 22 % köpdür. Bu ýere esasan hem, Günbatar Ýewropa ýurtlaryndan has köp syýahatçylar gelýär.
Hasaplamalara görä, Çernogoriýada 2018-nji ýylda ösüşiň depgini 8 % saklanan halatynda, syýahatçylykdan gelýän girdejiniň möçberi 1 milliard ýewrodan geçer. Häzirki wagtda ýurduň girdejisiniň 23 %-ni syýahatçylyk pudagy eýeleýär. Bu görkezijini 2030-njy ýyla çenli 30 göterime çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.