Çernogoriýanyň hökümeti ýurduň ykdysadyýetine maýa goýmak maksady bilen gelýän daşary ýurtly maýadarlara raýatlyk berjekdigini mälim etdi. Bu maksatnama 1-nji oktýabrdan başlap, 3 ýyl dowam eder. Şu döwürde maýa goýumlary arkaly Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlardan 2 müň adam raýatlyga kabul ediler. Hemmesini jemläp aýdanyňda, Çernogoriýanyň häkimiýeti ýurduň ykdysadyýetine 4,8 milliard ýewro çekmegi niýet edinýär. Çernogoriýadan raýatlyk almaga isleg bildirýänleriň ýurda 250 müň ýewrodan 450 müň ýewro çenli aralykda maýa goýmagy şert bolup durýar.