Hy­taý­da dün­ýä­de il­kin­ji iş­gär­siz myh­man­ha­na gu­rul­dy. Gi­rel­ge­de myh­man­la­ry iş­gär­le­re de­rek ro­bot­lar gar­şy­la­ýar. Myh­man­ha­na Çen­du şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. Myh­man­ha­na­nyň ro­bot­la­ry müş­de­ri­le­ri ka­bul eden­de ýö­ri­te­leş­di­ri­len ul­gam ar­ka­ly ola­ry ýü­zün­den ta­na­ýar. Olar bu ýe­re gel­ýän­le­ri bel­li­ge alyp, ýer­leş­jek ota­gy­na çen­li ug­rad­ýar.
Ro­bot­lar myh­man­la­ra na­har sar­gyt ed­ýär we eşik­le­ri­ni ýuw­ma­ga äkid­ýär – olar mu­nuň üçin ýö­ri­te mo­bil ul­ga­ma bi­rik­di­ri­len. Em­ma myh­man­ha­na­da ül­ňü­le­re la­ýyk bol­ma­dyk ýag­daý­lar ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da, adam­lar bi­len ara­gat­na­şyk sak­la­mak üçin ul­gam göz öňün­de tu­tu­lan. Hä­zir­ki wagt­da myh­man­ha­na­da­ky äh­li otag­lar müş­de­ri­ler ta­ra­pyn­dan sar­gyt edi­lip, ýy­lyň ahy­ry­na çen­li boş ýer ýok. 2019-njy ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ýe­ne-de şu­nuň ýa­ly 50 myh­man­ha­na­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ro­bot­lar bi­len ab­zal­laş­dy­ry­lan il­kin­ji myh­man­ha­na 2016-njy ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­da açy­lyp­dy. Şeý­le-de bol­sa, on­da 10 adam iş­le­me­gi­ni do­wam et­di­rip­di.