Türk ar­heo­log­la­ry iki müň ýyl mun­dan ozal gur­lan wil­la­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Bu ba­ra­da “Ana­do­lu” agent­li­gi ha­bar ber­ýär. Bu ta­pyn­dy De­niz­li we­la­ýa­ty­nyň ga­dy­my Tri­po­lis şä­he­ri­niň çäk­le­rin­de ýü­ze çy­ka­ryl­dy.
– 12 otag­ly ja­ýyň po­ly mo­zai­ka bi­len ör­tü­lip, di­war­la­ry owa­dan fres­ka­lar hem-de geo­met­rik na­gyş­lar bi­len zy­nat­la­nyp­dyr. Biz öýüň eýe­si­niň tä­jir bo­lan­dy­gy­na yna­na­sy­myz gel­ýär. Öýüň gu­rat sak­la­nan la­gym ul­ga­my çak­la­ma­la­ry­my­zyň ha­ky­ka­ta has go­laý bar­ýan­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Şeý­le hem bu ýer­de ýe­ne-de bir uly otag, dä­liz, ýa­tak ja­ýy, ça­ga­lar we iş ota­gy gö­ze il­ýär – di­ýip, ar­heo­lo­gik to­pa­ryň ýol­baş­çy­sy Ba­ha­dyr Du­man gür­rüň ber­ýär.
Mun­dan ozal, ar­heo­log­lar Tri­po­lis­de şä­her der­we­ze­si­ni, am­fi­te­at­ryň ga­lyn­dy­la­ry­ny, eda­ra jaý­la­ry­ny, mer­mer dü­şe­len ba­zar meý­da­ny­ny, wi­zan­ti­ýa ki­li­se­si­ni we gurp­ly şä­her­li­niň öýü­ni ýü­ze çy­ka­ryp, bu ar­hi­tek­tu­ra ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň dür­li dö­wür­le­re de­giş­li­digini anyk­la­dylar.
Şo­nuň ýa­ly hem go­laý­da Ga­za­gys­ta­nyň gün­do­ga­ryn­da Ýe­le­ke sa­zy de­pe­sin­de bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň VIII-VII asyr­la­ry­na de­giş­li üç müň­den gow­rak al­tyn-kü­müş şaý sep­ler hem-de at es­bap­la­ry ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ar­heo­log­la­r bu ýer­de ga­ty gurp­ly ada­myň de­pin edi­len bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gini öňe sü­r­ýärler.