Niderlandlaryň paýtagty Ams­ter­da­myň met­ro­sy­nyň tä­ze ug­ru­nyň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp ba­ryl­ýan wag­ty iş­çi­ler şä­he­riň kö­ne ka­na­ly­nyň düý­bün­den bir­gi­den ar­te­fakt­la­ry ýü­ze çy­kar­dy­lar. Bu ba­ra­da “The Gu­ar­di­an” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Ta­pyn­dy­lar dür­li-dür­li dö­wür­le­re de­giş­li bo­lup, daş asy­ry­nyň zäh­met gu­ral­la­ryn­dan baş­lap, hä­zir­ki za­man zer­gär­çi­lik be­zeg­le­rin­den hem-de dür­li haý­wan­la­ryň ys­ty­han­la­ryn­dan yba­rat­dyr. Olar şä­he­riň 800 ýyl­lyk ta­ry­hy­ny özün­de jem­le­ýär. Ams­tel der­ýa­sy­nyň go­şant­la­ry Dam­rak we Ro­kin ka­nal­la­ry XIX asyr­da göm­lüp, hä­zir­ki za­man Ams­ter­da­my­nyň kö­çe­si bol­ýar. Bu ýer­de 2013-nji ýyl­da şä­her met­ro­sy­nyň tä­ze ug­ru­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri baş­la­ýar we ne­ti­je­de, iş­çi­ler bir­gi­den när­se­le­riň üs­tün­den bar­ýar­lar.
Ýü­ze çy­ka­ry­lan ar­te­fakt­lar dür­li dö­wür­le­re we me­de­ni­ýet­le­re de­giş­li bo­lup, ke­ra­mi­ka­dan edi­len pä­ki bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki IV asy­ra de­giş­li ha­sap edil­di. Or­ta asy­ryň çüý­le­ri, şa­ýy­lyk­la­ry, ga­ňyr­çak­la­ry, sal­gyt mö­hür­le­ri, XIX asy­ra de­giş­li sa­mu­raý gy­ly­jy bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li abat sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Äh­li när­se­ler şä­her gur­lu­şy­gy­nyň dür­li dö­wür­le­ri­ni be­ýan edip, gä­mi gat­na­ýan ýol­la­ryň gör­nü­şi­niň ni­çik­si öz­ge­ri­şi ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Go­laý­da äh­li ta­pyn­dy­lar su­ra­ta dü­şü­ri­lip, ýö­ri­te saýt­da hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li edil­di.