Günorta Koreýanyň BTS aýdym-saz topary Ginnesiň rekordlar kitabynyň 2026-njy ýyl üçin nusgalyklar (ikonalar) sanawyna girizildi. Bu barada kitabyň resmi saýtynda habar berildi. «Olar nusgalyk diýlip, diňe bir K-pop saz medeniýetini dünýä açandygy däl, eýsem, akyl saglygy, ýalňyzlyk we kämillik ýaşyna ýetmek ýaly mowzuklary gozgaýan köp žanrly sazy döredendikleri üçin yglan edildi» diýlip, saýtda belleýärler.
2018-nji ýylda BTS altynjy “Love Yourself Tear” atly studiýa albomy bilen ABŞ-da çartlaryň başyny çeken ilkinji pop-topar boldy. 2024-nji ýylyň fewralynda topar “Spotify” platformasynda iň köp diňlenilýän topara öwrüldi. Geçen aprelde “Arirang” aýdym albomy çykandan soňra BTS dünýä boýunça konsert çykyşlaryna başlady.
PDF








