Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da dün­ýä­niň iň uzyn su­was­ty tun­nel gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­sy tanyşdyryldy. 135 ki­lo­metr uzyn­ly­gyn­da­ky su­was­ty de­mir ýol tun­ne­li Taý­wan bi­len Hy­ta­ýyň ma­te­rik bö­le­gi­ni bir­leş­di­rer. Şu­ňa meň­zeş tas­la­ma mundan ozal, Ýewropadaky La-Manş bo­ga­zyn­da gur­uldy. Bu ýerdäki po­lat ýol­ly tun­ne­liň uzyn­ly­gy 51 ki­lo­metr bo­lup, onuň di­ňe 39 ki­lo­met­ri deň­ziň aşa­gyn­dan geç­ýär. Bu tas­la­ma Ýew­ro­pa­nyň ma­te­rik bö­le­gi­ni Be­ýik Bri­ta­ni­ýa bi­len bir­leş­di­rýän­di­gi üçin örän äh­mi­ýet­li­dir.
Hy­ta­ýyň alym­la­ry bu iri tun­nel gur­lu­şyk tas­la­ma­sy­nyň üs­tün­de bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri iş­le­ýär. Şon­ça wagt­dan soň­ra olar bir pi­ki­re gel­di­ler. Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, tun­ne­liň dia­met­ri 10 metr bo­lar, bel­li-bel­li ýer­le­rin­de he­re­ke­tiň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 250 ki­lo­met­re deň bo­lar. Tun­nel­de iki de­mir ýol gur­lup, iki ta­ra­pa hem he­re­ket ama­la aşy­ry­lar. Tun­nel bo­ýun­ça eme­li ada­lar dö­re­di­lip, ol ýer­de elekt­rik ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi, ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry we Wi-Fi be­ket­le­ri gur­lar. Tun­ne­liň gur­lu­şy­gy­nyň 2030-njy ýyl­da ta­mam­lan­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.