Ökdelik bilen düzülen iýmit sanawy beýniniň derman ulanmazdan, kadaly işini işjeňleşdirmäge ýardam edýändigi mälim edildi. Beýnini işjeňleşdirýän esasy zat demir. Ony narda, gök almada, greçkada, gara çörekde, ýumurtgada, doragda we sygryň bagrynda tapmak bolar. Bilermenler ýatkeşligiň ösdürilmegi üçin awokado, käşir we ananas ýaly miweleri has köp iýmegi maslahat berýärler.
Beýniniň işini kadalaşdyrmak üçin (beýniniň täze habarlary çaltlykda täzeden özleşdirmek ukybyny saklamak) düzüminde “B” witamini bolan önümleri iýmek has peýdalydyr. Olar deňiz önümleri, sygryň bagry, käşir, brokoli, noýba we mekgejöwen. Şeýle hem beýniniň kadaly işlemegi üçin glýukoza hem möhümdir. Ony süýji önümlerinden, şokoladdan almak onçakly peýdaly däl. Onuň esasy alternatiwi miwedir gök önümler. “B4” witamini (holin) hem adam üçin peýdaly (ýumurtganyň sarysynda bardyr). Onuň kemçilik edýän wagtynda ýadawlyk we pikir dagynyklygy emele gelýär. “С” witamini (greýpfrutda, smorodinada, pyrtykalda, awokadada we kelemde bar) beýniniň damarlarynyň ýagdaýyny kadalaşdyrýar. Şeýle hem bilermenler beýnä gelýän habarlaryň çalt kabul edilmeginde kalsini we kalini ýatdan çykarmaly däldigini belleýärler. Ol peýnirde, pomidorda, doragda, guradylan garalyda we kişdede köp duş gelýär.