Russiýanyň Bütindünýä energiýa maslahatyny geçirmäge hukuk gazananlygy barada Bütindünýä Energetika Geňeşiniň (World Energy Council, WEC) beýanatynda mälim edilýär. Bu kongres 2022-nji ýylda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriler. Russiýanyň energetika ministri Aleksandr Nowak halkara çäresini geçirmäge öz ýurduny saýlandyklary üçin forumyň guramaçylaryna hoşallyk bildirip, energetika ýaly wajyp pudakdaky maslahatyň ähmiýetiniň uludygyny belläp geçdi.
Dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň 3 müňden gowrak energiýa guramasynyň bähbitlerini nazara alýan maslahat her 3 ýyldan bir gezek geçirilýär. Bütindünýä energiýa maslahaty 2016-njy ýylda Türkiýede (Stambul) geçipdi, 2019-njy ýylda bolsa, Birleşen Arap Emirliklerinde (Abu-Dabi) geçiriler.
Bütindünýä Energetika Geňeşi söwda maksatly bolmadyk iri halkara guramadyr. Ol BMG-de energetika meseleleri boýunça hukuk berlen edaradyr. 1924-nji ýylda esaslandyrylan bu guramanyň merkezi edarasy Londonda ýerleşýär. Onuň başlygy we orunbasary her 3 ýyldan saýlanyp, islendik milli komitet öz wekilini hödürläp bilýär.