Ýurdy 2017-nji ýylyň noýabryndan bäri dolandyryp gelýän Zimbabweniň häzirki Prezidenti Emmerson Mnangagwa 30-njy iýulda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazandy. Saýlaw toparynyň başlygy Prissilla Çigumba bu syýasy çäre barada ýerli habar beriş serişdeleri arkaly habar berdi. Maglumatlara laýyklykda, Mnangagwa 2,46 million saýlawçylaryň 50,8%-i ses beripdir.
“Emmerson Dambudzo Mnangagwa sesleriň köp bölegine eýe bolup, gaýtadan Prezidentlige saýlandy” diýip, saýlaw toparynyň başlygy mälim etdi. Häzirki Prezidentiň esasy bäsdeşi “Demokratik hereket üçin özgeriş” partiýasynyň ýolbaşçysy Nelson Çamisa sesleriň 44,3%-ne eýe boldy.
1980-nji ýylda garaşsyzlygyny jar eden Zimbabwe Respublikasy Afrika yklymynyň günorta böleginde, Wiktoriýa şaglawugy, Zambezi we Limpopa derýalarynyň aralygynda ýerleşýär. Günortada Günorta Afrika Respublikasy, gündogarda Mozambik, günbatarda Botswana we demirgazykda Zambiýa bilen serhetleşip, deňze çykalgasy ýok. Ýurduň 16 milliondan gowrak ilaty bolup, paýtagty Harara şäheridir.