Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide Sloweniýanyň “Pipistrel” kompaniýasynyň elektrik uçary “Alpha Electro” synag uçuşyny amala aşyrdy. Ýurtda bu wakany taryhy pursat diýip atlandyrdylar, çünki uçar ekologik taýdan bähbitli bolup, ýurduň häkimiýeti uçarlaryň şeýle görnüşini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Iki adama niýetlenen bu ýeňil uçar, Malmi howa menzilinden asmana göterildi. “Alpha Electro” uçary Helsinkiniň elektrik awiasiýasy assosiasiýasy tarapyndan satyn alyndy. Bahasy 69 müň ýewro deň bolan bu uçar 45 minutyň dowamynda zarýad alyp, bir sagatdan gowrak uçuşyna ýetýär. Ýurtda 2040-njy ýyla çenli ýerli gatnawlarda dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän uçarlaryň hyzmatyndan peýdalanmak meýilleşdirilýär.
Finlýandiýanyň parlamentinin halkara gatnaşyklary boýunça komitetiniň başlygy Matti Wanhanen bu elektrouçaryň üstünlikli synagyna ýokary baha berip: – Biz basym bütin ýurdy üpjün etjek elektrik uçarlarynyň ösüşiniň şaýady bolarys – diýip belläp geçdi.