ABŞ-nyň “Boston Consulting Group” halkara kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “Sustainable Economic Development Assessment index” reýtinginde durnukly ykdysady ösüşi üçin Birleşen Arap Emirlikleri ýokary baha mynasyp boldy. Reýtingde ykdysady ösüş we raýatlaryň hal-ýagdaýynyň arasyndaky takyk balansy saklaýan ýurt öňe saýlanýar. Hut şu balans hem islendik ýurduň iň esasy artykmaçlygy bolup, şu günki günde ilatynyň 85 göterimini düzýän daşary ýurtlylaryň Emirlige göçüp gelmekleriniň iň esasy sebäpleriniň biri boldy diýlip, bellenip geçilýär. BAE reýtingde dünýäniň 100 döwletiniň arasynda öňdäki hatarlaryň birini eýeleýär.