Ýaponiýanyň elektron kompaniýasy “Toshiba Corporation” 2018-2019-njy maliýe ýylynyň birinji çärýeginiň (30-njy iýunda gutardy) netijelerine görä, 1,017 trillion iýen (9,1 milliard dollar) möçberinde girdeji alypdyr. – Bu geçen ýylyň degişli döwriniň görkezijisi 50,3 milliard iýen (451,8 million dollar) bilen deňeşdireniňde, 20 göterim ýokarydyr – diýlip, kompaniýanyň hasabatynda mälim edilýär.
2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda “ATR 72-600” kysymly uçarlar Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranyň Mehrabat aeroportuna gondy. Bu barada IRNA agentligi habar berýär. Uçarlar fransuz-italýan kompaniýasy ATR tarapyndan 2017-nji ýylda öndürilipdir. Şeýlelikde, “Iran Air” ozal sargyt edilen 20 uçaryndan 13-sini aldy. Geleşigiň bahasy 536 million dollardan ybarat boldy.
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda 11 sany işdeşiň bilelikde alan lotereýasy 543 million dollar utdy. Bagtyýar işdeşleriň işleýän ýeri mälim edilmedi, ýöne olar şunça möçberdäki serişdäni bölekleýin almaly diýen karara gelseler, 30 ýylyň dowamynda bölünip berler diýip, NBC teleýaýlymy habar berýär. Bu utuş Kaliforniýanyň taryhyndaky iň ulusydyr. Ýöne olaryň federal salgydy hem tölemeli boljakdygyny teleýaýlym habar berýär.
Türkiýäniň häkimiýeti şu ýylyň ahyryna çenli ýurduň çäklerinde öz kosmos agentligini döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkiýäniň senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Waranka salgylanyp, “Anadolu” agentligi mälim edýär.
ABŞ-nyň Ogaýo ştatyndaky Sinsinatti ylmy-barlag uniwersitetiniň inženerleri dürli elektrik enjamlaryna zarýad bermäge ukyply ugleroddan edilen innowasion matany döretmegiň üstünde işleýärler. Täze mata köp sanly elektron enjamlary, telefonlary, hatda fonarlary hem ýeterlik zarýad bilen üpjün etmäge ukyplydyr.
Ýaşajyk şazada Jorj Kembrij, Ýelizaweta II-niň çowlugy Beýik Britaniýada has göze gelüwli, gowy geýinýänleriň sanawyna girdi. Bäş ýaşly şazada nusgawy biçüwi has gowy görýär.