Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde guralan halkara kongresinde Kauçer Birkar “Filds” medalyna mynasyp boldy. Bahasy 4,1 müň dollarlyk 14 karatlyk sap altyndan edilen “Filds” medaly matematika ugrundan berilýän iň abraýly baýraklaryň biridir. Ol her dört ýyldan bir sapar halkara matematika kongresinde 40 ýaşdan ýokary bolmadyk ýaş matematiklere gowşurylýar. Indi köp wagtdan bäri, 40 ýaşly Birkar algebra geometriýasynyň köp ölçegli şekillerini öwrenmek bilen meşgullanýar. Ol Beýik Britaniýanyň raýatlygyna eýe.
Şunuň ýaly ilkinji iki medal 1936-njy ýylda Osloda guralan kongresde gowşurylypdyr. 1966-njy ýylda Moskwada geçirilen kongresde medal sany 4-e çenli artdyrylýar. 2012-nji ýylda Pekin kongresinde ýene-de ikä getirilýär. “Filds” baýragynyň iň ýaş eýesi fransiýaly Žan-Pýer Serrdir. Bu medal matematika ylmyna goşan goşandy üçin her kongresde iki matematigi sylaglamaly diýen başlangyç bilen çykyş eden kanadaly matematik Jon Fildsiň adyny göterýär.