Russiýa we Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 2018-nji ýylyň ýanwar-iýul aralygynda 25,8% (58,4 milliard dollar) artypdyr diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasy habar berýär. Edaranyň resmi saýtynda mälim edilen maglumatlara laýyklykda, ýanwar-iýul aýlarynda hytaý harytlarynyň Russiýa eksporty 16,6% (26,9 milliard dollar), rus harytlarynyň Hytaýa importy bolsa, 34,9% (31,5 milliard dollar) artypdyr diýip, Hytaýyň “Sinhua” agentligi habar berýär.
Iýul aýynda iki ýurduň haryt dolanyşygy 9,1 milliard dollardan ybarat boldy. Hytaýdan Russiýa eksport 4,4 milliard dollara ýetdi, Russiýadan Hytaýa import hem 4,7 milliard dollara ýetdi. 2017-nji ýylyň netijeleri boýunça iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 20,8% (84,07 milliard dollar) köpeldi. Umuman, Hytaýyň daşary söwda dolanyşygy şu ýylyň ýedi aýynda 8,6% artdy. HHR-iň Baş gümrük edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýurduň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ýanwar-iýul aýlarynda 5%, importy 12,9% artypdyr. Netijede, söwda saldosy 30,6% azalyp, 1,06 trillion ýuana deň bolupdyr.