“Tes­la”-nyň ýol­baş­çy­sy Ilon Mask özü­niň esas­lan­dy­ran kom­pa­ni­ýa­sy­nyň äh­li paý­na­ma­la­ry­ny sa­tyn al­ma­gy ýü­re­gi­ne dü­wen­di­gi­ni we bir­ža­dan çy­kar­mak­çy­dy­gy­ny mä­lim et­di. – Men her paý­na­ma üçin 420 dol­lar tö­läp, “Tes­la”-ny sa­tyn al­mak­çy. Mu­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge bi­ziň do­ly güý­jü­miz ýet­ýär – di­ýip, ol aýt­dy.
“Tes­la”-nyň paý­na­ma­la­ry­nyň nyr­hy we hä­zir­ki ser­ma­ýa­sy ne­ti­je­sin­de, ge­le­şi­giň möç­be­ri 72 mil­liard dol­la­ra çen­li ýe­tip bi­ler. Şeý­le bol­sa-da, “Tes­la”-nyň paý­na­ma­la­ry­nyň 20% tö­we­re­gi­niň özü­ne de­giş­li­di­gi üçin, ol on­çak­ly köp tö­le­me­li bol­maz. Ýö­ne işe­wür bu işe paý­dar­la­ryň gol­da­wy­ny al­ma­gyň aň­sat düş­me­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Mask öz öňün­de iki ýo­luň bar­dy­gy­ny – ýa paý­na­ma­la­ry­ny sat­ma­ly ýa-da kom­pa­ni­ýa­da­ky öz pa­ýy­ny ýö­ri­te gaz­na bi­len sak­la­ma­ly bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar.
Mas­kyň be­ýa­na­ty “Nas­daq” bir­ža­sy­nyň “Tes­la”-nyň paý­na­ma­la­ry bi­len söw­da­ny sak­la­ma­ga se­bäp bo­lup, ol kä­bir ýag­daý­la­ry dü­şün­di­ren­den soň­ra, ony ýa­ňa­dan­dan do­wam et­dir­di. “Tes­la”-nyň paý­na­ma­la­ry ýa­pyk ba­zar­lar­da 11%-e çen­li art­dy.