Meş­hur ame­ri­kan akt­ýo­ry Sti­wen Si­gal Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň rus-ame­ri­kan yn­san­per­wer­lik gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça ýö­ri­te we­ki­li we­zi­pe­si­ne bel­len­di. Bu ba­ra­da ýur­duň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň res­mi saý­tyn­da ýer­leş­di­ri­len be­ýa­nat­da mä­lim edil­ýär. Rus ra­ýat­ly­gy bo­lan Sti­wen Si­gal yn­san­per­wer­lik, şol san­da, sun­gat, me­de­ni­ýet, ýaş­la­ry okat­mak­da alyş-ça­lyş mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we ABŞ-nyň ara­gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk ös­dür­mä­ge ýar­dam be­rer.
Akt­ýor Rus­si­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ýö­ri­te we­ki­li hök­mün­de bel­len­me­gi­niň özi üçin aýra­tyn uly hor­mat­dy­gy­ny bel­läp geç­di. – Men he­mi­şe rus-ame­ri­kan gat­na­şyk­la­ry­nyň has go­wy bol­ma­gy üçin ta­gal­la et­dim. Men ozal, bu ugur­da res­mi däl ýagdaýda iş­läp gö­rüp­dim, in­di bol­sa, şol işi res­mi ber­jaý et­mä­ge gi­riş­ýän­di­gim üçin buý­san­ýa­ryn – di­ýip, Sti­wen Si­gal aýt­dy.