Meş­hur fran­suz aş­pe­zi Žo­el Rob­ýu­şo­nyň 6-njy aw­gust­da 73 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çy­kan­ly­gy ba­ra­da dün­ýä­niň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri mä­lim ed­ýär­ler. Žo­el Rob­ýu­şon 1947-nji ýyl­da Fran­si­ýa­nyň esa­sy şä­her­le­ri­niň bi­ri Pu­at­ýe­de dün­ýä in­ýär. Ol aş­pez­lik ug­run­dan bi­lim ber­ýän okuw merkezlerinde bi­lim al­ýar, Pu­at­ýe­de üs­tün­lik­li tej­ri­be ge­çir­ýär, soň­ra dür­li res­to­ran­lar­da iş­le­ýär. 1960-njy ýyl­lar­da Rob­ýu­şon öz işi­ni ýo­la goý­ýar. Ol res­to­ra­nyň müş­de­ri­le­ri­niň ara­syn­da meş­hur­lyk ga­za­nan mil­li ta­gam­la­ra hä­zir­ki za­man öwüş­gin­le­ri­ni gi­riz­me­giň höt­de­sin­den gel­ýär. Baş aş­pez ha­bar­çy­lar bi­len söh­bet­deş­lik­le­riň bi­rin­de ýö­ne­keý na­har­la­ry ýo­ka­ry hil­li taý­ýar­lap bil­ýän­di­gi­ni bel­läp ge­çip­di.
1990-njy ýyl­da gast­ro­nom žur­na­ly “Gault Mil­lua” ony “Asy­ryň baş aş­pe­zi” di­ýip at­lan­dyr­dy. Şeý­le hem oňa Fran­si­ýa­nyň iň go­wy ku­li­nar us­sat­la­ry­nyň bi­ri diý­lip ba­ha be­ril­ýär. Rob­ýu­şon aş­pez­li­giň ta­ry­hyn­da üç sa­par “Miche­lin” ýyl­dy­zy­na eýe bo­lan ýaş aş­pez bol­ýar. Ol işlän döwründe “Miche­lin”-iň köp san­ly ýyl­dy­zy­na eýe bo­lan 14 res­to­ra­nyň eýe­si bol­ýar. Şeý­le­lik­de, ol res­to­ran biz­ne­sin­de öň­de­li­gi eýe­le­ýär.
Rob­ýu­şon di­ňe bir dog­duk me­ka­ny Fran­si­ýa­da däl, eý­sem ABŞ-nyň Las-We­gas şä­he­rin­de, Lon­don­da, To­kio­da we dün­ýä­niň beý­le­ki şä­her­le­rin­de res­to­ran­la­ry açyp, bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da res­to­ran im­pe­ri­ýa­sy­ny gur­ýar. Onuň “Met­ro­po­le” myh­man­ha­na­syn­da­ky “Joёl Ro­buchon Mon­te-Car­lo” res­to­ra­ny gör­nük­li adam­la­ryň ara­syn­da uly meş­hur­lyk ga­zan­ýar. Şeý­le hem, Žo­el Rob­ýu­şon bir­nä­çe ku­li­nar ki­tap­la­ry­nyň aw­to­ry­dyr.