Şweý­sa­ri­ýa­ly al­pi­nist Da­ni Ar­nold Ýewropanyň iň beýik Monb­lan da­gy­na ýo­ka­ry tiz­lik­de çyk­mak ar­ka­ly re­kord goý­dy. Onuň ýe­ke özi 4208 metr be­lent­lik­dä­ki Puent-Uo­ker ger­şi­ne 2 sa­gat 4 mi­nu­tyň do­wa­myn­da çyk­ma­gy ba­şar­dy. Al­pi­nist ýo­ka­ry tiz­lik­de dag ger­şi­ne çyk­ma­gyň iň kyn synanyşygy bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu onuň Alp dag­la­ry­na çyk­mak üçin ama­la aşy­ran il­kin­ji sy­na­ny­şy­gy däl. 2013-nji we 2015-nji ýyl­lar­da ol Eý­ger da­gy­nyň de­mir­ga­zyk ger­şi­ne iň çalt çy­kan al­pi­nist bol­dy. 2016-njy ýyl­da Mat­ter­horn da­gy­na çy­kyp, re­kord go­ýup­dy.