Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel şu ýy­lyň 23-24-nji aw­gus­tyn­da Gru­zi­ýa­da res­mi sa­par­da bo­lar.
Ýur­duň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Da­wid Zal­ka­lia­ni Gru­zi­ýa­nyň jem­gy­ýet­çi­lik te­le­ýaý­ly­my­na (OTBG) be­ren be­ýa­na­tyn­da, bu ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­pa­ra uly äh­mi­ýet ber­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. “Ger­ma­ni­ýa Gru­zi­ýa­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gy­na uly gol­daw ber­ýär. Şeý­le hem iki ýur­duň ara­syn­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Şo­nuň üçin şeý­le de­re­je­dä­ki sa­par örän mö­hüm bo­lup dur­ýar” – di­ýip, mi­nistr gür­rüň ber­ýär.
Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel ýur­duň hö­kü­met baş­tu­ta­ny de­re­je­sin­de Gru­zi­ýa ikin­ji sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­ýar. Mun­dan ozal­ky sa­par 2008-nji ýyl­da, ýag­ny 10 ýyl mun­dan öň ama­la aşy­ry­lyp­dy. Ger­ma­ni­ýa bi­len Gru­zi­ýa­nyň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1992-nji ýyl­da ýo­la go­ýul­dy. 2017-nji ýyl­da iki ýur­duň hö­kü­met­le­ri­niň çöz­gü­di bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li “Dost­luk ýy­ly” yg­lan edi­lip­di.
Şeý­le hem Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel bu sa­pa­ryn­dan öň, 18-nji aw­gust­da Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bi­len du­şu­şar. Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar we hal­ka­ra me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.