Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň dün­ýä­niň 74 ýur­du­nyň ra­ýat­la­ry­na 30 gün­lük yg­ty­ýar­na­ma­syz ge­lip-git­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­di­ni gol­da­dy. Gu­ra­ma­nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Be­la­ru­suň alyp bar­ýan bu sy­ýa­sa­ty Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny iler­let­mä­ge we sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mä­ge uly go­şant bo­lup dur­ýar. Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti şu ýy­lyň 27-nji iýu­lyn­da 74 ýur­duň ra­ýat­la­ry­na 30 günläp yg­ty­ýar­na­ma­syz ýur­da ge­lip-git­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän ka­ra­ra gol çek­di. Bu res­mi­na­ma­nyň esa­sy şer­ti ýur­da ge­lip-gid­ýän da­şa­ry ýurt­ly ra­ýat­la­ryň “Minsk” ho­wa men­zi­li­niň hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­ma­gy bo­lup dur­ýar. 2017-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­da 80 ýur­duň ra­ýa­ty­na 5 gün­lük yg­ty­ýar­na­ma­syz düz­gün gi­ri­zi­lip­di.
Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň bi­ler­men­le­ri­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, soň­ky ýyl­lar­da köp san­ly ýurt­lar­da yg­ty­ýar­na­ma düz­gün­le­ri ýe­ňil­leş­di­ril­ýär. Ol hem ýur­da has köp sy­ýa­hat­çy­nyň gel­me­gi­ne şert dö­red­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2017-nji ýyl­da tu­tuş dün­ýä­de hal­ka­ra ja­han­keş­de­le­riň sa­ny 1 milliard 322 mil­lio­na deň bo­lup, 2016-njy ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 7 gö­te­rim ösüş ga­za­nyl­dy. Bu soň­ky 7 ýy­lyň iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­si bol­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň döw­let­le­riň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne we tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­me­gi­ne uly ýar­dam ber­ýän­di­gi­ni yzy­gi­der­li ýag­daý­da bel­läp geç­ýär.