Birleşen Arap Emirlikleriniň syýahatçylyk mekany Dubaý şäheri dünýäniň ähli künjeginden 8,1 million jahankeşdäni kabul etdi. 2018-nji ýylyň birinji ýarymyndaky bu görkeziji rekord derejä ýetdi. “Dubai Tourism” syýahatçylyk edarasy tarapyndan ýaýradylan maglumata görä, Dubaý emirliginde syýahatçylyk pudagy durnukly ösüşe eýe bolýar. Şunuň netijesinde, 2017-nji ýylyň jemlerine görä, pudagyň bir ýylky dolanyşygy 109 milliard dollara deň boldy. 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda şähere Hindistan, Saud Arabystany we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlardan has köp jahankeşde geldi. Hasabat döwründe hindistanly syýahatçylaryň sany 1 milliona ýetdi. Günbatar Ýewropa ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň sany yzygiderli ýokarlanýar. Bu sebitiň görkezijisi 21 göterim artdy. Soňky ýyllarda Russiýadan barýan syýahatçylaryň sanynda görnetin ösüş gazanyldy. 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, bu görkeziji 74 göterim ýokary boldy.
Dubaý emirliginiň 2020-nji ýyl üçin öňde goýan maksatlaryna laýyklykda, her ýyl 20 million syýahatça hyzmat etmek meýilleşdirilýär.