De­ňiz uçar­la­ry bi­len hal­ka­ra gat­naw ýo­la go­ýul­dy

4

«Hel­le­nic Se­ap­la­nes» awia­kom­pa­ni­ýa­sy Gre­si­ýa bi­len Al­ba­ni­ýa­nyň ara­syn­da de­ňiz uça­ry arkaly ýo­lag­çy gat­na­wy­ny ýo­la goý­dy. Gat­naw Gre­si­ýa­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da­ky Ýa­nina şä­he­ri bi­len Al­ba­ni­ýa­nyň Wlýo­ra şä­her­le­ri­niň ara­syn­da ama­la aşy­ry­lar. Gel­jek­de Al­ba­ni­ýa­nyň Pog­ra­des, Sa­ran­da we Dur­res ýa­ly ke­nar­ýa­ka şä­her­le­ri­ne hem şeý­le gat­naw­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär.
De­ňiz uçar­la­ry sy­ýa­hat­çy­lyk möw­sü­min­de sy­ýa­hat­çy­lar üçin uly amat­ly­lyk dö­re­der. Su­wuň ýü­zün­den uçup hem-de go­nup bil­ýän uçar­lar ýo­lag­çy­la­ryň uzak ara­lyk­da ýer­leş­ýän ho­wa men­zil­le­ri­ne bar­mak­la­ry üçin sarp ed­ýän wag­ty­ny tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam eder. Bu gat­naw­lar Ad­ria­tik we Ion de­ňiz­le­rin­de sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge mümkinçilik berer.
Hä­zir­ki wagt­da Mal­diw ada­la­ryn­da içer­ki gat­naw­lar di­ňe de­ňiz uçar­la­ry ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Ka­rib deň­zin­de, ABŞ-da we Ka­na­da­da bol­sa, de­ňiz uçar­la­ry ar­ka­ly hal­ka­ra ýo­lag­çy gat­naw­la­ry hem ama­la aşy­ryl­ýar.

Aý­na Gel­di­my­ra­do­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­rap ge­ňe­şi­niň gu­ra­ma­çy­lyk bö­lü­mi­niň esa­sy hü­när­me­ni.