«Hellenic Seaplanes» awiakompaniýasy Gresiýa bilen Albaniýanyň arasynda deňiz uçary arkaly ýolagçy gatnawyny ýola goýdy. Gatnaw Gresiýanyň demirgazyk-günbataryndaky Ýanina şäheri bilen Albaniýanyň Wlýora şäherleriniň arasynda amala aşyrylar. Geljekde Albaniýanyň Pogrades, Saranda we Durres ýaly kenarýaka şäherlerine hem şeýle gatnawlaryň ýola goýulmagy maksat edinilýär.
Deňiz uçarlary syýahatçylyk möwsüminde syýahatçylar üçin uly amatlylyk döreder. Suwuň ýüzünden uçup hem-de gonup bilýän uçarlar ýolagçylaryň uzak aralykda ýerleşýän howa menzillerine barmaklary üçin sarp edýän wagtyny tygşytlamaga ýardam eder. Bu gatnawlar Adriatik we Ion deňizlerinde syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda Maldiw adalarynda içerki gatnawlar diňe deňiz uçarlary arkaly amala aşyrylýar. Karib deňzinde, ABŞ-da we Kanadada bolsa, deňiz uçarlary arkaly halkara ýolagçy gatnawlary hem amala aşyrylýar.
Aýna Geldimyradowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
PDF









