Müsüriň «Talaat Moustafa Group» kompaniýasy Kairiň golaýynda bahasy 27 milliard dollara barabar bolan täze şäher taslamasyny hödürledi. «The Spine» diýlip atlandyrylýan bu ägirt uly taslama 2 million inedördül metrden gowrak meýdany tutup, 165 sany ýaşaýyş, işewürlik we söwda binalaryny öz içine alar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen 155 müňden gowrak täze iş ornunyň döredilmegine we her ýyl on millionlarça syýahatçynyň barmagyna garaşylýar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Hişam Talaat Mustafanyň aýtmagyna görä, gurluşygyň takyk möhleti entek kesgitlenilmese-de, bu başlangyç ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde möhüm ädim bolar. Taslama Pars aýlagy ýurtlarynyň maýa goýumlary esasynda Müsürde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň dowamydyr. Agzalan kompaniýa mundan ozal BAE tarapyndan 35 milliard dollar maýa goýlan «Ras-el-Hekma» şypahana zolagynyň gurluşygyna hem işjeň gatnaşypdy.
Müsür soňky onýyllygyň dowamynda infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Bu ugurdaky iň uly işleriň biri hem Kairden 45 kilometr gündogarda gurluşygy 2017-nji ýyldan bäri işjeň dowam edýän täze dolandyryş paýtagtydyr.
Täze şäherleriň gurluşygy, ilkinji nobatda, Kairiň ilatynyň gürlügini azaltmaga gönükdirilendir. Çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli Kairiň ilaty 18 milliondan 40 milliona ýetip biler. Şol sebäpli hem hökümet täze dolandyryş merkezini döretmek arkaly Kairiň ilatyny azaltmagy we şol bir wagtyň özünde täze işewürlik hem-de syýahatçylyk zolaklarynyň hasabyna ýurduň maliýe kuwwatyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Taslama doly tamamlanandan soň, bu täze şäheriň 7 million töweregi ilaty bolan iri dolandyryş we maliýe merkezine öwrülmegine garaşylýar.
PDF









