Mü­sür­de tä­ze şä­her gur­lar

3

Mü­sü­riň «Ta­la­at Mo­us­ta­fa Group» kom­pa­ni­ýa­sy Kai­riň go­la­ýyn­da ba­ha­sy 27 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bo­lan tä­ze şä­her tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di. «The Spi­ne» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu ägirt uly tas­la­ma 2 mil­li­on ine­dör­dül metr­den gow­rak meý­da­ny tu­tup, 165 sa­ny ýa­şa­ýyş, işe­wür­lik we söw­da bi­na­la­ry­ny öz içi­ne alar. Tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len 155 müň­den gow­rak tä­ze iş or­nu­nyň dö­re­dil­me­gi­ne we her ýyl on mil­li­on­lar­ça sy­ýa­hat­çy­nyň bar­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Hi­şam Ta­la­at Mus­ta­fa­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, gur­lu­şy­gyň ta­kyk möh­let­i en­tek kes­git­le­nil­me­se-de, bu baş­lan­gyç ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek­de mö­hüm ädim bo­lar. Tas­la­ma Pars aý­la­gy ýurt­la­ry­nyň ma­ýa go­ýum­la­ry esa­syn­da Mü­sür­de ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly iş­le­riň do­wa­my­dyr. Ag­za­lan kom­pa­ni­ýa mun­dan ozal BAE ta­ra­pyn­dan 35 mil­liard dol­lar ma­ýa goý­lan «Ras-el-Hek­ma» şy­pa­ha­na zo­la­gy­nyň gur­lu­şy­gy­na hem iş­jeň gat­na­şyp­dy.
Mü­sür soň­ky onýyl­ly­gyň do­wa­myn­da inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­ýär. Bu ugur­da­ky iň uly iş­le­riň bi­ri hem Ka­ir­den 45 ki­lo­metr gün­do­gar­da gur­lu­şy­gy 2017-nji ýyl­dan bä­ri iş­jeň do­wam ed­ýän tä­ze do­lan­dy­ryş paý­tag­ty­dyr.
Tä­ze şä­her­le­riň gur­lu­şy­gy, il­kin­ji no­bat­da, Kai­riň ila­ty­nyň gür­lü­gi­ni azalt­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, 2050-nji ýy­la çen­li Kai­riň ila­ty 18 mil­li­on­dan 40 mil­lio­na ýe­tip bi­ler. Şol se­bäp­li hem hö­kü­met tä­ze do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­ni dö­ret­mek ar­ka­ly Kai­riň ilatyny azaltmagy we şol bir wag­tyň özün­de tä­ze işe­wür­lik hem-de sy­ýa­hat­çy­lyk zo­lak­la­ry­nyň ha­sa­by­na ýur­duň ma­li­ýe kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Tas­la­ma do­ly ta­mam­la­nan­dan soň, bu tä­ze şä­he­riň 7 mil­li­on tö­we­re­gi ila­ty bo­lan iri do­lan­dy­ryş we ma­li­ýe mer­ke­zi­ne öw­rül­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.