ÝB we Gazagystan 10 milliard ýewrolyk ylalaşyk baglaşdy

11

Ýewropa Bileleşigi we Gazagystan Brýusselde geçirilen işewürlik forumynyň çäginde umumy bahasy 10 milliard ýewro barabar bolan 30 sany täze täjirçilik ylalaşygyna gol çekdi. Bu şertnamalar Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Brýussele amala aşyran resmi saparynyň netijeleri boýunça gazanylyp, olar taraplaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmaga we “Orta geçelge” (Hazarüsti halkara ulag ugry) ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendir. Şunda esasy orun Gazagystanyň “Samruk-Kazyna” döwlet gaznasyna degişli bolup, ol 8,4 milliard ýewro möçberinde şertnama baglaşdy. Baglaşylan iň iri ylalaşyk “Air Astana” milli awiakompaniýasynyň “Airbus” konserninden 7,3 milliard ýewro gymmatynda 50 sany A320 uçaryny satyn almagy baradaky ylalaşyk boldy, şeýle-de Fransiýanyň “Alstom” kompaniýasy bilen lokomotiwlere tehniki hyzmat etmek barada 967 million ýewroluk şertnama gol çekildi.
Bu taryhy sapar we resminamalara gol çekilmegi, 2025-nji ýylyň aprelinde Samarkantda geçirilen “ÝB — Merkezi Aziýa” sammitinde Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen tarapyndan yglan edilen sebit üçin 12 milliard ýewrolyk maýa goýum paketiniň durmuşa geçirilip başlanandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Saparyň çäginde taraplar diňe bir täjirçilik däl, eýsem strategik häsiýetli resminamalara, şol sanda Gazagystanyň raýatlary üçin şengen wizalarynyň berilmesini ýeňilleşdirjek we taraplaryň arasyndaky uçar gatnawlaryny giňeltjek Gorizontal awiasiýa ylalaşygyna hem gol çekdiler. Gazagystanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň öz ýurdy üçin iň iri söwda we maýa goýum hyzmatdaşydygyny, häzirki wagtda Gazagystanda 4 müňe golaý ýewropa kompaniýasynyň işleýändigini we geçen ýyl ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň 45 milliard dollardan geçendigini aýratyn belledi. Şeýle hem Gazagystan Ýewropanyň senagat üýtgetmelerine zerur bolan 34 sany strategik möhüm seýrek duş gelýän elementleriň 21 görnüşini üpjün etmäge taýýardygyny mälim etdi. Taraplar bu hyzmatdaşlygyň durnuklylygy peselýän global logistika zynjyrynda ygtybarly we netijeli ugurlary döretjekdigine ynam bildirdiler.