Pomidordan taýýarlanýan üwmejiň düwnük keseline garşy göreşmäge ukyplydygy mälim edildi. Üwmejiň saglyk üçin peýdaly önümleriň biridigine entek-entekler hem ynanyp bilmeýäris. Hakykatdan hem, onuň düzüminde köp mukdarda şeker we duz bar. Bular bolsa, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirýänleriň uzak durýan zatlary hasaplanýar. Ýöne ispan alymlarynyň geçiren barlaglarynyň netijesine görä, üwmeç adam bedenine käbir oňyn täsirleri ýetirip biler.
Walensiýanyň Politehnik uniwersitetiniň alymlary üwmejiň içegäniň we iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemegine oňat täsir edýändigini mälim etdiler. Üwmejiň düzümindäki pomidor içegedäki peýdaly bakteriýalaryň sanynyň köpelmegine ýardam edýär. Pomidora gyzyl reňk berýän likopin ýaly käbir maddalar içegedäki peýdaly bakteriýalaryň ösmegine şert döredýär.
Şonuň üçin pomidordan taýýarlanýan erginler aşgazanda düwnük keseliniň döremeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär.