Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da we se­bit­de daş­ky gur­şa­wy, eko­lo­gi­ýa­ny go­rama­ga uly üns be­ril­ýär. Bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy hem iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Aral deň­zi­ni ha­las et­mek, Aral se­bi­ti­niň dur­muş-eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny sag­dyn­laş­dyr­mak me­se­le­le­ri uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da üns be­ril­me­gi­ni, çö­zül­me­gi­ni ta­lap ed­ýän eko­lo­gik me­se­le bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan bu eko­lo­gi­ýa how­pu­nyň ne­ti­je­le­ri­ni azalt­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re iş­jeň gat­naş­ýar.
2017–2019-njy ýyl­lar bo­ýun­ça Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­na (AHHG) baş­lyk­lyk ed­ýän Türk­me­nis­tan bu eko­lo­gik how­puň öňü­ni al­mak üçin uly çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len go­ja­man Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Sam­mi­ti ge­çi­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ge­çi­ri­len sam­mi­te Ga­za­gys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry gat­naş­dy­lar.

Bu ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki Sam­mit­de gel­jek­de Aral deň­zi­niň bas­seý­nin­de dur­muş-yk­dy­sa­dy we eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­na, Aral deň­zi­niň se­bi­tin­dä­ki ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­nyň (ADBM-4) baş ýö­rel­ge­si­niň tas­la­ma­sy­na, şeý­le hem BMG-niň Aral deň­zi­niň bas­seý­ni ba­ra­da­ky ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň baş ýö­rel­ge­si­niň tas­la­ma­sy ýa­ly me­se­le­le­re se­re­dil­di.
Türk­me­nis­tan AHHG-a baş­lyk­lyk et­mek bi­len se­bi­tiň suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ho­wa­nyň äh­lu­mu­my de­re­je­de üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak me­se­le­le­ri­ne iç­gin üns ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan BMG-niň dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça “Rio+20” Mas­la­ha­tyn­da, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 70-nji mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len 2015-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça BMG-niň Sam­mi­tin­de, te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ryň tö­wek­gel­çi­li­gi­ni pe­selt­mek bo­ýun­ça Ýa­po­ni­ýa­da ge­çi­ri­len BMG-niň III Bü­tin­dün­ýä mas­la­ha­tyn­da hem-de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len VII Bü­tin­dün­ýä suw fo­ru­myn­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry hem şu mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ara­ly ha­las et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mej­li­sin­de bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­len “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk” Ka­rar­na­ma­sy hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. 2017–2019-njy ýyl­lar­da AHHG-a Türk­me­nis­ta­nyň baş­lyk­lyk et­me­gi­niň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ka­bul edi­len bu Ka­rar­na­ma Ga­za­gys­tan, Tä­ji­gis­tan, Öz­be­gis­tan, Ger­ma­ni­ýa we beý­le­ki döw­let­ler aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­di­ler.
Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw me­se­le­le­ri mö­hüm, kä­bir ýag­daý­lar­da bol­sa, se­bit öz­gert­me­le­ri­ni ös­dür­me­giň kes­git­leý­ji şer­ti bo­lup dur­ýar. Şeý­le şert­ler­de eko­lo­gi­ýa we azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka­nyň top­lum­la­ýyn ul­ga­my­ny dö­ret­mek, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry üçin di­ňe sebit yla­la­şy­gy ka­bul eder­lik­li bin­ýat­dyr. Bu bol­sa, Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly Teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýunça se­bit mer­ke­zi­ni Aş­ga­bat­da aç­mak ha­kyn­da­ky mil­li Li­de­ri­mi­ziň tek­lip­le­ri­niň mö­hüm­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, de­ňiz se­bi­tin­dä­ki der­ýa­la­ryň gid­ro­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň üýt­ge­me­gi Aral me­se­le­si­niň ýü­ze çyk­ma­gy­nyň esa­sy se­bä­bi­dir, XX-XXI asyr­la­ryň sep­gi­din­de de­ňiz­ýa­ka­syn­da­ky ýag­daý has çyl­şy­rym­ly hä­si­ýe­te eýe bol­dy hem-de hä­zir­ki wagt­da dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar. Ara­ly ha­las et­mek bo­ýun­ça Hal­ka­ra gaz­na­sy (AHHG) 1993-nji ýyl­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Aral deň­zi­niň bas­seý­nin­de dur­muş-yk­dy­sa­dy hem-de eko­lo­gi­k ýag­da­ýy go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di.
Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň işi­niň hä­zir­ki wag­ta çen­li ne­ti­je­si hök­mün­de Aral deň­zi­niň bas­seý­nin­de ýer­leş­ýän ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça üç sa­ny Mak­sat­na­ma­la­ryň (ADBM-1, ADBM-2, ADBM-3) iş­le­ni­lip dü­zül­me­gi, ka­bul edil­me­gi we dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bo­lup dur­ýar.
AHHG-nyň esa­sy iş eda­ra­sy – Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­teti no­ba­ta la­ýyk­lyk­da, Al­ma­ty şä­he­rin­de (1993–1997-nji ýyl­lar­da), Daş­kent şä­he­rin­de (1997–1999-njy ýyl­lar­da), Aş­ga­bat şä­he­rin­de (1999–2002-nji ýyl­lar­da), Du­şan­be şä­he­rin­de (2002–2008-nji ýyl­lar­da), Al­ma­ty şä­he­rin­de (2009–2012-nji ýyl­lar­da), Daş­kent şä­he­rin­de (2012–2016-njy ýyl­lar­da) ýer­leş­di.
2017-nji ýyl­dan baş­lap, 2019-njy ýy­lyň aw­gust aýy­na çen­li AHHG-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýer­leş­ýär.

Nurmyrat ZÜLPIÝEW,
Türkmenistanyň Serhet
institutynyň mugallymy.