ABŞ-nyň San­di­ýa mil­li la­bo­ra­to­ri­ýa­sy­nyň alym­lar to­pa­ry tä­ze er­gi­ni dö­re­dip, onuň adam­za­dyň şu wag­ta çen­li dö­re­den iň berk we kö­nel­me­zek ma­te­ria­ly bo­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di­ler. Bu ba­ra­da “Advanced Ma­te­rials” žur­na­lyn­da bellenip geçilýär. Onuň berk­li­gi po­la­dyň berk­li­gin­den hem 100 es­se ýo­ka­ry­dyr.
Alym­lar bu er­gi­ni eme­le ge­tir­mek üçin Ýer şa­ryn­da­ky seý­rek duş gel­ýän me­tal­lar­dan peý­da­lan­dy­lar. Olar al­tyn we pla­ti­na ulan­dy­lar. Alym­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, tä­ze ma­te­ri­al ga­ty berk bo­lan­dy­gy üçin on­dan taý­ýar­la­nan te­ker ar­ka­ly 40 müň 75 ki­lo­metr uzyn­ly­gyn­da­ky Ýer ek­wa­to­ry­ny 500 ge­zek aý­la­nyp çyk­mak müm­kin. Alym­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, tä­ze er­gi­ni sy­nag­dan ge­çir­ýän pur­sat­la­ry onuň ýo­ka­ry gat­la­gyn­da ga­ra plýon­ka eme­le gel­di. Ony hem se­na­gat taý­dan ýag­laý­jy mad­da­la­ry ön­dür­mek­de ulan­mak bo­lar.
Yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni ge­çi­ren alym Jon Kar­ri­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu ma­te­ria­ly dür­li elekt­ron en­jam­la­ryň önüm­çi­li­gin­de ulan­mak bo­lar. Eger ony elekt­ron en­jam­la­ryň, hu­su­san-da smart­fon­la­ryň bel­li bir bö­le­gi­ne ýu­ka edip çal­saň, ol bir­nä­çe es­se berk bo­lar. Bu ma­te­ri­al elekt­ron se­na­ga­tyn­da her ýyl or­ta­ça 100 mil­li­on dol­lar möç­be­rin­dä­ki se­riş­de­le­ri tyg­şyt­la­ma­ga şert dö­re­der.