Germaniýada suwuklandyrylan gaz bilen işleýän ilkinji hem-de iri ýolagçy gämisi suwa goýberildi. Papenburg şäherinden deňze çykan bu gäminiň uzynlygy 337 metre barabar bolup, onda 2600 otag bar. Ol özüniň ilkinji ýüzüşini şu ýylyň 2-nji dekabrynda amala aşyrar. “Aida” syýahatçylyk kompaniýasy ýangyç hökmünde suwuklandyrylan gaz ulanýan 3 sany gämini sargyt etdi. Bu taslamanyň bahasy 3 milliard ýewro barabardyr. Suwuklandyrylan gazyň dizel ýangyjyna garanyňda, daşky gurşawa zyýany örän az. Umuman, Ýewropada we tutuş dünýäde deňizlerde gämili gezelenç syýahatçylygy uly ösüşe eýe bolýar. Ýewropanyň iri port şäherleri bu babatda oňat girdejiler gazanýar. Bu ugurdaky syýahatçylygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.