Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da 2014-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýän Çar­wa­dar­lar bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň çyg­ry bar­ha gi­ňel­dil­ýär. Şu ýy­lyň sen­ýabr aýyn­da 3-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän bu sport bäs­le­şi­gi­ne dün­ýä­niň 53 ýur­dun­dan 37 ugur bo­ýun­ça tür­gen­ler gat­na­şar.
Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da ge­çi­ril­jek ýa­ryş­la­ra 118-si da­şa­ry ýurt­ly, je­mi 250 emin gö­zeg­çi­lik eder. Şeý­le hem iki sa­ny tä­ze ugur go­şul­dy – “Çar­wa­dar­la­ryň uly gö­re­şi” (bu oýun­da di­ňe bir tür­gen ýe­ňiş ga­zan­ýar), “Uly ýe­ňi­ji­ler ki­ta­by” (iň güýç­li päl­wan). Oýun­lar je­mi dört ýer­de ge­çi­ri­ler. Hä­zir­ki wagt­da bu oýun­la­ra to­ma­şa et­mä­ge bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny kö­pel­ýär. Myhmanlar gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýeti, däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Şol se­bäp­li oňa gy­zyk­lan­ma bar­ha art­ýar. 2-8-nji sent­ýabr­ aralygynda ge­çi­ril­jek hal­ka­ra oýun­la­ry­na 1 946 tür­gen gat­na­şar. Tür­gen sa­ny ba­bat­da Gyr­gy­zys­tan (458 tür­gen) öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Şeý­le hem Rus­si­ýa­dan 235, Ga­za­gys­tan­dan 195 tür­gen gat­na­şar. Oýun­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan­la­ra je­mi 594 me­dal (174 al­tyn, 173 kü­müş we 247 bü­rünç) gow­şu­ry­lar. Il­ki se­bit ýurt­la­ry­nyň tür­gen­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len oýun­la­ra hä­zir­ki wagt­da alys ýurt­lar­dan hem türgenler gelýär. Açy­lyş we ýa­py­lyş da­ba­ra­la­ry­nyň bi­let­le­ri tölegli bolup, oýunlary we beý­le­ki çä­re­le­ri tö­leg­siz to­ma­şa edip bol­ýar.
Bu ýyl­ky çäräniň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Že­en­be­kow bi­len Tür­ki­ýä­niň, Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­dent­le­ri, şeý­le hem Weng­ri­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri gat­na­şar.
Şeý­le hem oýun­la­ryň öň ýa­nyn­da yl­my mas­la­hat hem ge­çi­ril­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ÝU­NI­SEF-iň gol­daw ber­me­gin­de “Oýun­la­ryň ça­ga ker­we­ni” at­ly mak­sat­na­ma ýo­la go­ýul­dy. Iýun aýyn­da badalga alan bu mak­sat­na­ma hä­zir­ki dö­wür­de ýaş nes­liň spor­ta, mil­li däp-des­sur­la­ra hö­we­si­ni art­dyr­mak, ola­ryň fi­zi­ki he­re­ke­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek­den yba­rat. Bu mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de ýur­duň 14 şä­he­rin­de dür­li ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di. Oňa 2-14 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ça­ga­lar we ola­ryň ene-ata­la­ry gat­naş­dy. Ça­ga­la­ryň aň we fi­zi­ki kä­mil­li­gi­ni ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän bu çä­rä­niň çäk­le­rin­de 25 oýun saý­la­nyp alyn­dy.