Finl­ýan­di­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Sau­li Nii­nis­te Rus­si­ýa­nyň So­çi şä­he­rin­de iş sa­pa­ryn­da bo­lup, bu ýer­de Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin bi­len du­şuş­dy. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ta­rap­lar iki ýur­duň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni-dur­muş me­se­le­le­ri­ni we öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän hal­ka­ra me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Res­mi gep­le­şik­ler­den soň­ra iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry ýah­ta­ly ge­ze­lenç et­di­ler. Şol ýer­de-de iki­çäk du­şu­şyp, öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mä­ge de­giş­li me­se­le­lerde pi­kir alyş­dy­lar.
Ta­rap­lar Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň So­çi şä­he­rin­dä­ki ka­bul­ha­na­syn­da 1,5 sa­gat do­wam eden iki­çäk du­şu­şy­k­da söw­da-yk­dy­sa­dy ugur­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. 2008-nji ýyl­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy 22,4 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bol­dy. Soň­ra bu gör­ke­zi­ji bir­ne­me pe­sel­di. Ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni tä­ze­den ýo­ka­ry de­re­je­le­re çy­kar­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Finl­ýan­di­ýa­nyň Rus­si­ýa­da özleşdirilen ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri 12 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bol­dy.
Ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, hu­su­san-da elekt­rik be­ket­le­ri­niň we gä­mi­gur­lu­şyk pu­da­gyn­da­ky iri tas­la­ma­lar ba­bat­da pi­kir alyş­dy­lar. Mun­dan baş­ga-da, sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da­ky işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry ba­bat­da tek­lip edil­di. Finl­ýan­di­ýa­da dynç al­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň umu­my sa­nyn­da rus ja­han­keş­de­le­ri­niň möç­be­ri 32 gö­te­ri­me ba­ra­bar bo­lup, ola­ryň bu ba­zar­da­ky pa­ýy 4,4 mil­liard ýew­ro deň­dir.
Mun­dan baş­ga-da, Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti So­çi­dä­ki ka­bul­ha­na­syn­da Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Lu­ka­şen­ko bi­len hem du­şuş­dy.