Ýaponiýanyň “Toyota Motor Corp” kompaniýasy Hytaýdaky awtoulag önümçiligini 20 göterim ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin kompaniýa Hytaýyň Guançžou we Týanszin şäherlerindäki zawodlarynda önümçiligini ýokarlandyrmak üçin goşmaça kuwwatlykdaky desgalary gurar. Ýapon şereketi her iki şäherde hem ulag önümçiligini ýylda 240 müňe çenli artdyryp, önümçilik kuwwatyny 20 göterim ýokarlandyrmak isleýär.
Kompaniýanyň Hytaýdaky önümçilik kuwwaty bir ýylda 1,16 million awtoulaga deňdir. Týanszin şäherindäki zawodda 10 müň elektrikli we 110 müň gibrid görnüşli ulaglary öndürmek üçin goşmaça desga gurlar. Täze guruljak desgalar kompaniýanyň hytaý bazaryndaky ulag söwdasyny 2020-nji ýyla çenli 2 milliona ýetirmäge mümkinçilik berer.
Ýanwar-iýul aýlarynda 7 sany iri ýapon ulag öndüriji kompaniýa Hytaýda 2,65 million ulag satdylar. Ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 5 milliondan gowrak bolmagyna garaşylýar.