Sloweniýanyň parlamenti ýurduň Premýer-ministrligine hödürlenen Marýan Şaresiň dalaşgärligini tassyklady. 40 ýaşyndaky Şarese hökümeti düzmek ynanyldy. Ol şu wagta çenli ýurduň hökümet baştutany wezipesine saýlanan iň ýaş ýolbaşçy boldy. Şares 8 ýyldan bäri syýasat bilen meşgullanýar. Ol syýasy işler bilen meşgullanmazdan ozal redaktor we žurnalist kärlerinde hem işledi. 2010-njy ýylda Kamnik şäheriniň häkimi boldy. 2017-nji ýylda Prezident saýlawlaryna dalaş edip, ýurduň şu wagtky Prezidenti Borut Pahordan yzda galdy.