Geçen hepdäniň ahyrynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Özbegistanda saparda bolup, ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekildi. Resminama laýyklykda, döwletara gatnaşyklaryny uzak möhletleýin we durnukly ýagdaýda dowam etdirmek göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, senagat, standartizasiýa, serhetden geçmek, bilim hakyndaky resminamalary ykrar etmek, geologiýa, oba hojalygy, medeniýet we beýleki ugurlar boýunça 27 ylalaşyk gazanyldy.
Saparyň çäklerinde geçirilen işewürler forumynda 103 million dollar möçberinde 11 ylalaşyga gol çekildi. Işewürler duşuşygynda söwda we haryt dolanyşygyny has-da ýokarlandyryp, 2020-nji ýyla çenli bu görkezijini 500 million dollara ýetirmek meýilleşdirilýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda söwda we haryt dolanyşygy 160 million dollar boldy.