Gruziýanyň ýaşaýjysy, 18 ýaşyndaky Wako Marçilaşwili suwuň astynda Rubigiň kubigini iň çalt düzmek boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Marçilaşwili Tbilisi şäherindäki akwaparkda Gruziýanyň rekordlar federasiýasynyň wekilleriniň hem-de onlarça tomaşaçynyň gatnaşmagynda suwuň aşagynda demini saklap, 1 minut 44 sekuntyň dowamynda standart kubigiň 6 sanysyny düzmegi başardy. Ol kubikleri düzmek boýunça ökdeleriň biri hasaplanýar. Gruziýada bu ugurda geçirilen ýaryşlaryň 2 gezek çempiony boldy. Ýöne ol mundan ozal, suwuň astynda bu ugurda synanyşyk edip görmändi. Ilkinji synanyşygynda rekord goýdy. Munuň üçin ol 6 aýlap, her gün 2 sagat taýýarlyk gördi.
Bu ugurdaky rekord ozal amerikaly Entoni Bruksa degişli bolup, ol 5 sany Rubigiň kubigini suwuň aşagynda 78 sekuntda düzüp rekord goýupdy.
Rubigiň kubigi 1974-nji ýylda wenger arhitektory Erno Rubik tarapyndan oýlanyp tapylan, çözülmesi ýeňil bolmadyk oýun görnüşidir.