Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn täze hökümetiň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşdy. Täze hökümet ýurduň Premýer-ministri Imran Han tarapyndan düzüldi. Hökümetiň düzümine 20 adam girdi – 15 ministr we Premýer-ministriň 5 maslahatçysy. Hökümetiň düzüminde Şah Mahmud Kureşi (daşary işler ministri), Perwez Khatak (goranmak ministri), Muhammad Faruh Nasum (adalat ministri), Gulam Sarwar Han (nebit we tebigy serişdeler ministri), Asad Umar (maliýe ministri), Zubeýda Jalal (goranmak senagaty ministri), Şeýh Raşid Ahmet (demir ýol ulaglary ministri), Şawkat Mahmud (bilim ministri), Çoudhuri Tarik Başir Çima (döwlet we serhetýaka sebitleri boýunça ministr), Şiren Mizari (adam hukuklary boýunça ministr), Aamir Mehmed Kiýani (saglygy goraýyş ministri), Fawad Ahmed (maglumat we teleradioýaýlymlar ministri), Fehmid Mirza (welaýatara hyzmatdaşlyk boýunça ministri), Halid Makbul Siddiki (maglumat tehnologiýasy we telekommunikasiýa ministri) ýaly ýolbaşçylar bar.