Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurduň ýolbaşçy düzümini täzeledi. Bu ugurda degişli kararlary kabul eden Prezident Aleksandr Lukaşenko ýurduň Premýer-ministri wezipesine Ösüş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Sergeý Rumasy belledi. Premýer-ministriň birinji orunbasarlygyna ýurduň Ministrler Kabinetiniň geňeşiniň ýolbaşçysy Aleksandr Turçin bellendi. Şeýle hem hökümet başlygynyň ýene-de birnäçe ugurlar boýunça orunbasarlary täzelendi.
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko işe bellenen ýolbaşçylaryň wezipelerini kesgitläp, ýurduň ösüş maksatnamalarynyň ilerledilmegi babatda has yhlasly zähmet çekmegiň zerurdygyny belledi.