Tenekarlygy bilen jana melhem beren tomus paslynyň tamamlanyp, sahawatly türkmen topragyna güýzüň “düşegini düşemegi” ynsanlarda täsin duýgulary oýarýar. Güýz paslynyň başlamagy bilen ekin-dikin işleri, hasyl ýygnamak ýaly aladalar bilen bir hatarda, mekdeplerde ilkinji okuw güni başlanýar. Şonuň üçin adamlar sentýabry deslapdan, täze okuw ýylynyň başlanýan güni hökmünde kabul edýärler.
Okuw ýylynyň ilkinji güni täsin, ýatda galyjy pursatlara eýe. Bu gün ilkinji sapar mährem ene-atalarynyň ellerinden tutup, ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji sapar ätleýän bagtyýar çagalary synlamak has-da ýakymly. Şeýle pursatlar bagtyýar döwrüň talyby diýen belent ada mynasyp bolan müňlerçe ýaşlaryň hem ilkinji gezek ýokary okuw mekdepleriniň gapysyndan ätleýän pursatlary bilen sazlaşyp gidýär. Bu bagtly pursatlar ýatdan çykmajak wakalary bilen ýadymyzda hemişelik galýar. Ýogsa-da:
Eý, mekdebim, jana-jan,
Saňa bolan söýgim kän,
Sen misli enem deýin,
Bakdyň maňa mähriban.
Kitap berdiň goluma,
Aýdym berdiň dilime,
Ýene öňe gitmäge,
Ýagty saçdyň ýoluma – diýen aýdymy tämiz kalbymyzda ýugrup, şirin owaz bilen aýdanymyz hemmämiziň-de ýadymyzdadyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny ornaşdyrmak we öňdebaryjy iş tejribesini ulanmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmäge, tutuş bilim ulgamynyň innowasion ýoly bilen ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işleriň esasy maksady dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyp, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillere dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermekden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, her ýyl täze okuw ýylyny ýokary ruhubelentlikde garşylamak eziz Arkadagymyzyň çuňňur aladalary bilen gurşalýar. 22-nji awgustda hormatly Prezidentimiz “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi, Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp geçiriljek çäreler barada hasabat berildi. Hasabatda nygtalyşy ýaly, şu ýyl Diýarymyzyň orta mekdepleriniň 1-nji synpyna okuwa kabul edilen 146 müň 873 okuwça Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterler sowgat berler. Bu ajaýyp sowgatlar çagalaryň okuwa bolan yhlasyny artdyryp, ilkinji günlerden başlap dünýä ülňülerine kybapdaşlykda bilimler dünýäsine aralaşmaga ýardam eder.
Ilkinji sapak – bilimlere ilkinji ädim. Bilim edaralarynda ilkinji okuw sapaklary şu ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygaryna bagyşlanar.
Goý, biziň her birimize hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalaryna jogap edip ösüp gelýän ýaş nesilleriň, geljegimiz bolan ýaşlaryň çuňňur bilimli, giň gözýetimli, döwrümize mynasyp adamlar bolup ýetişmekleri üçin yhlasly zähmet çekmek miýesser etsin. Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Eneniýaz ORUNOWA,
D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň mugallymy.