Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň (LDP) baş­ly­gy­nyň saý­law­la­ry­na öz da­laş­gär­li­gi­ni hö­dür­le­di. Ol şu aý­da ge­çi­ril­jek saý­law­la­ra gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­läp, ýur­duň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň yna­my­ny öde­mek üçin el­de ba­ry­ny et­jek­di­gi­ni aýt­dy.
20-nji sent­ýabr­da ge­çi­ril­jek saý­law­la­ra 405 par­la­ment we 405 sa­ny hem LDP-niň se­bit wekilleri gat­na­şyp, ýe­ňi­ji ses­le­riň köp­lü­gi­ne gö­rä kes­git­len­ýär. Ýer­li syn­çy­lar Abe­niň gaý­ta­dan saý­lan­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. “Kyo­do” agent­li­gi­niň soň­ky ge­çi­ren pi­kir so­raş­ma­sy­na gö­rä, Sind­zo Abe öz par­ti­ýa­sy­nyň 75 gö­te­rim gol­da­wyn­dan peý­da­lan­ýar. Eger-de, Sind­zo Abe Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nan ha­la­tyn­da, on­da ol 2021-nji ýy­la çen­li hö­kü­me­te ýol­baş­çy­lyk et­mä­ge müm­kin­çi­lik alar. Sind­zo Abe öz par­ti­ýa­sy­na 2012-nji ýyl­dan bä­ri ýol­baş­çy­lyk ed­ýär we hä­zir onuň ikin­ji üç ýyl­lyk möh­le­ti ta­mam­la­nyp bar­ýar.
Şeý­le-de ýur­duň go­ran­mak mi­nist­ri Si­ge­ru Isi­ba hem-de do­lan­dy­ry­jy­lyk iş­le­ri we ara­gat­na­şyk mi­nist­ri Sei­ko No­da da­gy da­laş­gär­li­gi­ni hö­dür­le­di. Ýa­po­ni­ýa­da Prem­ýer-mi­nist­riň we­zi­pe­si 1885-nji ýyl­da Meýd­zi­niň im­pe­ra­tor­ly­gy döw­rün­de esas­lan­dy­ryl­ýar. Şu gün­ki gü­ne çen­li ýurt­da 60 hö­kü­met baş­ly­gy­nyň iş­län­di­gi aý­dyl­ýar.
2019-njy ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­da im­pe­ra­tor Aki­hi­to­nyň tag­ty­na mi­ras­dü­şer şa­za­da Na­ru­hi­to ge­çer. Şeý­le hem şol ýyl Osa­ka­da “Uly ýig­ri­mi­li­giň” (G20) sam­mi­ti ge­çi­ri­ler. 2020-nji ýyl­da bol­sa, ýa­pon paý­tag­tyn­da XXXII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­ler.