28-nji aw­gust­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Af­ri­ka döw­let­le­ri bi­len söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len, Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­syn­da, Ke­ni­ýa­da we Ni­ge­ri­ýa­da üç gün­lük sa­par­da bol­dy. Ol Keýp­ta­un­da eden çy­ky­şyn­da Af­ri­ka yk­ly­my bi­len mil­li bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra alyp, söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, ko­rol­ly­gyň pul serişdeleriniň bel­li bir bö­le­gi­ni gö­nük­dir­jek­di­gi­ni we bri­tan hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ry­na bu ýer­de öz biz­nes­le­ri­ni ýo­la goý­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
– Men 2022-nji ýyl­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Af­ri­ka­nyň “Uly ýe­di­li­gin­de” iri ma­ýa­dar bol­ma­gy­ny is­le­ýä­rin. Ummasyz ma­ýa goý­ma­gyň höt­de­sin­den gel­ýän hu­su­sy bri­tan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Af­ri­ka­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti has-da öser. Mu­nuň üçin biz­de äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar – di­ýip, Te­re­za Meý bel­läp geç­di.
Şeý­le hem ol mad­dy hal-ýag­da­ýy glo­bal ba­zar­la­ra bag­ly bo­lan ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri hök­mün­de, bri­tan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň er­kin we ada­lat esa­syn­da öz biz­nes­le­ri­ni alyp bar­mak­la­ry üçin güýç­li Af­ri­ka yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni gör­mek is­le­ýän­di­gi­ni aý­dyp, bu ýurt­la­ryň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň ösü­şi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ni wa­da ber­di.
Bri­tan Prem­ýe­ri GAR-a ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Af­ri­ka­nyň al­ty ýur­dy bi­len söw­da yla­la­şy­gy­nyň bag­la­şyl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ol öz ýa­ny bi­len bir­nä­çe bri­tan işewürler to­pa­ry­ny alyp gel­di. Şeý­le-de ol Keýp­ta­un­da or­ta mek­dep­le­riň bi­ri­niň okuw­çy­la­ry bi­len du­şu­şyk ge­çir­di.