Hin­dis­tan 2024-nji ýy­la çen­li dün­ýä­de iň iri ne­bit sarp edi­ji ýurt hök­mün­de Hy­ta­ýyň or­nu­ny eýe­lär. Bu ba­ra­da Azi­ýa­da ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­mek ug­run­da­ky bar­lag­lar bo­ýun­ça “Wo­od Macken­zie” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Su­şant Gup­ta ha­bar ber­ýär. Hin­dis­ta­nyň ne­bi­te bo­lan is­le­gi­niň 2017-nji ýyl­dan 2035-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da her gün­de 3,5 mil­li­on bar­re­le çen­li art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le­lik­de, bu ýur­da ne­bi­te is­le­giň dün­ýädäki ösü­şi­niň 30 gö­te­rim­den gow­ra­gy düş­ýär. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, şeý­le hem 2035-nji ýy­la çen­li Hin­dis­tan­da ulag ýan­gy­jy­na islegiň artjakdygy sebäpli bir gi­je-gün­diz­de 3,2 mil­li­on­dan 4,7 mil­li­on bar­re­le çen­li ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän tä­ze kuw­wat­lyk­la­ra ze­rur­lyk du­ý­lar.
Iýu­nyň ahy­ryn­da Abu-Da­bi­niň mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy AD­NOC we Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň “Sau­di Aramco” kom­pa­ni­ýa­la­ry Hin­dis­ta­nyň çäk­le­rin­de ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod we ne­bit-hi­mi­ýa top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy­na ma­ýa goý­mak ha­kyn­da çar­çu­wa­ly yla­la­şy­ga gol çek­di­ler. AD­NOC we “Sau­di Aramco” kom­pa­ni­ýa­la­ry tas­la­ma­nyň bi­le­lik­de 50 gö­te­rim pa­ýy­ny eýe­le­ýän bol­sa, 50 gö­te­ri­mi Hin­dis­ta­nyň ne­bit kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň kon­sor­si­um­la­ry­na de­giş­li bo­lar. Ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod we ne­bit-hi­mi­ýa top­lu­my Hin­dis­ta­nyň gün­ba­tar ke­nar­la­ryn­da­ky Ma­ha­raşt­ra şta­tyn­da ýer­le­şer. Za­wo­dyň me­ýil­leş­di­ril­ýän kuw­wa­ty her gün­de 1,2 mil­li­on bar­rel­den yba­rat bo­lar. Tas­la­ma­nyň umu­my ba­ha­sy 44 mil­liard dol­la­ra deň­dir.
Şu gün­ki gün­de ulan­ýan ýan­gy­jy­nyň umu­my muk­da­ry­nyň 80 gö­te­ri­mi im­port­dan yba­rat bo­lan Hin­dis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy bel­li bir de­re­je­de ne­bi­tiň dün­ýä ba­ha­sy­na bag­ly bo­lup dur­ýar. Hin­dis­ta­nyň hö­kü­me­ti bu ga­raş­ly­ly­gy ýeňip geçmäge müm­kin­çi­lik ber­ýän uzak möh­let­li top­lum­la­ýyn stra­te­gi­ýa­ny iş­läp düz­ýär.