Merilin Monronyň egin-eşikleriniň biçüwi eýýäm ýarym asyrdan gowrak wagt bäri zenan kalbyny tolgundyryp, kolleksionerleriň aklyny haýrana goýýar. 18-nji awgustda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Bewerli-Hillz şäherinde öz işine başlan Merilin Monronyň goşlarynyň sergisi 30-njy sentýabra çenli dowam eder. Eksponatlaryň arasynda onuň filmlerde oýnan keşplerindäki egin-eşikleri, şeýle hem aktrisanyň şahsy zatlary, şol sanda Monronyň öz bellikleri goýlan film ssenarileriniň biri bar.
– Şu günki günde köpler oňa meňzemek isleýär. Şeýle hem Monronyň Golliwudyň taryhynda nädip görnükli şahs bolup ýetişendigine we häzirki günlere çenli meşhurlygyny saklaýandygyna düşünmek isleýänler juda köp – diýip, taryhçy Jo Maddalen aýdýar. Sergi tamamlanandan soňra, ähli zatlar oktýabryň ahyrynda geçiriljek auksionda satylar. Söwdany “Profiles in History” auksion öýi guraýar. Satyljak zatlaryň arasynda has üýtgeşigi onuň rowaýata öwrülen ak köýnegi bar.