ABŞ-da Res­pub­li­kan par­ti­ýa­sy­nyň iň gör­nük­li we­kil­le­ri­niň bi­ri Jon Mak­keýn 26-njy aw­gust­da howp­ly dö­re­me ze­rar­ly 82 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­dy. Ol iki ge­zek ABŞ-nyň pre­zi­dent­li­gi­ne da­laş­gär bol­dy. Jon Mak­keýn 1986-njy ýyl­da Ari­zo­na şta­tyn­dan Kong­re­siň ýo­kar­ky pa­la­ta­sy­na saý­lan­ýar we 35 ýyl­lap, bu şta­ta kong­res­de we­kil­çi­lik ed­ýär. Ol sy­ýa­sa­ta gel­me­zin­den ozal, har­by uçar­man bo­lup iş­län eken.

ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp 18-nji sent­ýabr­da Ak tam­da pol­şa­ly kär­de­şi And­žeý Du­da­ny ka­bul eder. Du­şu­şyk­da ABŞ we Pol­şa­nyň stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­me­giň ýol­la­ry, şeý­le hem söw­da, go­ran­mak we howp­suz­lyk me­se­le­le­ri­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Skott Mor­ri­son Awst­ra­li­ýa­nyň hö­kü­me­ti­niň tä­ze Prem­ýer-mi­nistr­li­gi­ne saý­lan­dy. Saýlawlarda ýur­duň ozal­ky içe­ri iş­ler mi­nist­ri Pi­ter Dat­ton hem-de da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ju­li Bi­şop hem da­laş­gär bo­lup­dy. Skott Mor­ri­son bu we­zi­pä 2015-nji ýyl­dan bä­ri ýur­duň hö­kü­me­ti­ne ýol­baş­çy­lyk edip gel­ýän Mal­kolm Tern­bul­lyň ýe­ri­ne saý­lan­dy.

Zim­bab­we­niň Pre­zi­den­ti Em­mer­son Mnan­gag­wa döw­let ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne res­mi taý­dan işe gi­riş­di. Ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­sy 26-njy aw­gust­da ýur­duň paý­tag­ty Ha­ra­re şä­he­rin­dä­ki sta­dio­n­da ge­çi­ril­di. Ol da­ba­ra­da wa­ta­na we­pa­ly bo­lup zäh­met çek­jek­di­gi­ni we ýur­duň esa­sy ka­nu­ny­ny go­ra­jak­dy­gy­ny kasam etdi.