Awstraliýanyň Sidneý şäheriniň 20 müňden gowrak ýaşaýjysy we syýahatçylary “The Sydney Cherry Blossom” şüweleňiniň açylyşyna gatnaşdylar. Üljäniň güllemeginiň baýramçylygy “Auburn Botanic Gardens” botanika bagynda açyldy. Ol Awstraliýa bilen Ýaponiýanyň medeni we syýasy ugurlardaky dostlugyny alamatlandyrýar. Şüweleňiň myhmanlary ýapon medeniýeti bilen tanşyp, Aziýa aşhanasynyň tagamlaryndan dadyp gördüler, ýöne iň esasy zat bolsa, sakuranyň güllemegini synlamak hasaplanýar. Ýylyň şu döwründe Sidneýde baglaryň içinde ülje agajy ilkinji bolup gülleýär we däp boýunça açylyp ugran badyna şüweleň başlanýar. Botanika bagynda sakuradan başga, magnoliýa, kameliýa, orhideýa we nerkes ýaly agaçlar gülleýär.
Höwesjeň fotosuratçy Şeron Makeweý “Auburn Botanic Gardens”-de her ýylda agaçlaryň gülleýşini surata düşürýär we her bir sakuranyň özboluşly gunçalaýandygyny belleýär. Ol bularyň juda tolgundyrýan görnüş bolup, bu ýyl güller onçakly gür bolmasa-da, has ýiti bark urýandygyny aýdýar. 40 ýyl mundan ozal açylan botanika bagynda bütin dünýäden getirilen müňlerçe ösümligi görmek mümkin. Ýapon baglary “Auburn Botanic Gardens”-iň dörtden bir bölegini eýeleýär.