Hytaýdaky gökdiränden gös-göni akýan täze gurlan şaglawuk dünýäniň iň beýik emeli şaglawugy diýlip, resmi taýdan ykrar edildi. Şeýle täsinlik Guýan şäherinde guruldy. Onuň belentligi 108 metre barabar. Suw dört sany suw sorujy arkaly ýokary göterilip, aşakdaky uly ätiýaçlyk howdanyna akdyrylýar.
Şeýle şaglawugy taslamakda binagärler birnäçe meseleleri çözmeli boldular. Çünki şaglawugyň güwwüldisiniň, şeýle hem ägirt uly beýiklikden aşak şaglap inýän tonnalap suwuň howdana we ýola ýetirjek zyýanynyň öňüni almak zerurlygy ýüze çykdy. Şaglawuk häzir diňe baýramçylyklarda ulanylýar, çünki onuň diňe sagadyna elektrik togy üçin 120 dollar tölemeli. Ýerli ýaşaýjylar bu geň-taň desga ilki işledilende birbada allaniçiksi boldular. Köpler haýsydyr bir hadysa bolandyr öýdüp pikir etdiler we gyssagly dikeldiş çäreleri bilen meşgullanýan gulluga yzly-yzyna jaň etdiler.